TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanda halk çeper amaly-haşam döredijiligi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý.¸ № 3-4¸ 37 -madda)
Şu kanun Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy-ahlak çygyrdaky maksatnamalarynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň halk çeper amaly-haşam döredijiligini dikeltmegiň, saklamagyň we ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi barada düşünje
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi - bu Türkmenistanyň halkynyň özboluşly çeper däplerini şöhlelendirýän önümleri öndürmek bilen baglanyşykly işleriň taryhy taýdan kemala gelen görnüşidir.
2 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esaslary
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr, ýagny:
- halk çeper amaly-haşam döredijiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini durmuşa geçirmek;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligini ösdürmek üçin maliýe çeşmelerini emele getirmek;
- kärhanalara, guramalara we raýatlara zerur bolan material-tehniki we maglumatlar serişdelerini, şeýle hem ylmy-tehniki işläp düzmeleri we tehnologiýalary peýdalanmaga mümkinçilikler bermek;
- bu çygyrda kadrlaryň hünärlerini guramak, taýýarlamak we ýokarlandyrmak;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligini halkara hyzmatdaşlygy we daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek arkaly wagyz etmek;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň söwda, ylmy-tehniki, önümçilik we maglumat aragatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etmek;
- Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde halk çeper amaly-haşam döredijilik önümleriniň ýöriteleşdirilen söwdasyny guramak;
- kärhanalara, guramalara we raýatlara halk çeper amaly-haşam döredijiliginiň önümlerini taýýarlamak (öndürmek) üçin zerur bolan çig mallary we materiallary taýýarlamak hem edinmek babatda amatly şertleri döretmek;
halk çeper amaly-haşam döredijiligini dikeltmäge, saklanyp galmagyna we ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri amala aşyrmak.
3 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijilik çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda Türkmenistanyň kanunçylygy şu kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary tarapyndan şu kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
4 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş işi
1. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdiriş işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem ygtyýarly beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda Türkmenistanyň Ministrler kabineti:
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda bütewi döwlet syýasatyny ýöredýär;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligini saklamak, dikeltmek we goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp düzýär we kabul edýär, olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi bilen meşgullanýan raýatlary, kärhanalary we guramalary hukuk hem durmuş taýdan goramak boýunça kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini amala aşyrýar;
- bu çygyrda okatmagyň we hünärleri ýokarlandyrmagyň döwlet ulgamyny guraýar;
- halk önümlerini taýýarlamak (öndürmek) bilen meşgullanýan kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň material hem-de maliýe bazalaryny ösdürmäge ýardam edýär;
- Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
3. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligini goldamak we ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
- degişli ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;
- halk çeper amaly-haşam döredijiliginiň däp bolan we täze görnüşlerini dikeltmek hem döretmek meseleleri boýunça synag işlerini geçirýär;
- halk çeper amaly-haşam döredijiliginiň medeni merkezlerini döredýär;
- taryhy, çeper, ylmy ýa-da başga medeni ähmiýeti bolan önümleriň sergilerini guraýar;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda yzygiderlilik ulgamyny döretmegi we ösdürmegi üpjün edýär;
- sowgatlyk-ýadygärlik önümleriniň öndürilmegini guraýar;
- Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.
4. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary halk çeper amaly-haşam döredijiligini saklamak, dikeltmek we ösdürmek üöin zerur bolan material-tehniki we guramaçylyk şertleri üpjün edýärler.
II BAP. HALK ÇEPER AMALY-HAŞAM DÖREDIJILIGI
BABATDAKY IŞ
5 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işiň esasy görnüşleri
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işiň esasy görnüşleri şulardyr:
- haly dokamak;
- milli nagyşlary we şekilleri ulanmak bilen keçe önümlerini taýýarlamak;
- zergärlik işi;
- milli keşdeleme we örme işleri;
- küýzegärlik;
- milli matalary dokamak;
- halk saz gurallaryny ýasamak;
- gönden we deriden däp bolan önümleri taýýarlamak;
- agaçdan ýasalýan önümleri taýýarlamak.
6 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda guramaçylyk esaslar
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi çygryndaky hünärleýin ýa-da höwesjeňlik esaslarda özbaşdak telekeçilik işi, öýde işlenýän iş, halk çeper amaly-haşam döredijiligi bilen meşgullanýan kärhanalary we guramalary döretmek görnüşinde we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki görnüşlerde amala aşyrylyp bilner.
7 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işi amala aşyrýan kärhanalar we guramalar
1. Öndürýän önümleriniň (işiniň) umumy möçberiniň ýüzden 50 bölegini we şondan hem köp bölegini halk çeper amaly-haşam döredijilik önümleri (işleri) düzýän kärhanalar we guramalar halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri amala aşyrýan kärhanalar we guramalar bolýarlar.
2. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri amala aşyrýan kärhanalarda we guramalarda önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak we olary öndürmegiň tehnologik tilsimlerini kämilleşdirmek boýunça synag barlaghanalary hem döredijilik toparlary döredilip bilner.
8 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri amala aşyrýan raýatlaryň hukuklary
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri amala aşyrýan raýatlaryň şulara hukugy bardyr, ýagny:
- öz döredijilik maksadynyň goralmagyna;
- ylmy barlaglar bilen meşgullanmaga;
- öz işiniň netijelerini sergilerde görkezmäge we jemagatlaýyn görkezmegiň beýleki görnüşlerinden peýdalanmaga;
- öz ýokary çeperçilik işiniň netijeleriniň köpçülikleýin peýdalanylandygy üçin sylag almaga;
- medeni çygyrdaky hazynalara barmaga bolan ygtyýar;
-Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jaýlary döredijilik ussahanalary hökmünde peýdalanmak üçin kärendesine ulanmaga;
- zähmeti goramak boýunça talaplara görä döredijilik işi üçin şertleri üpjün etmäge;
- halk çeper amaly-haşam döredijiliginiň degişli görnüşini okatmak boýunça işe;
- çig mallaryň we materiallaryň zerur bolan görnüşlerini edinmäge we taýýarlamaga;
- öz hünär abraýyny we mertebesini goramaga.
9 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri amala aşyrýan raýatlaryň awtorlyk hukuklary
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi önümini (halk çeper amaly-haşam döredijiligiň ajaýyp önümini ýa-da nusgalaýyn önümini) öndürmekde akylly-başly ýetirilen işiň netijesine raýatlaryň hukuklary, döredijilik taýdan özgerdip, soňra gaýtadan öndürmek üçin awtor tarapyndan şertnamanyň şertleri esasynda berilýän şol netijäni peýdalanmak bilen baglanyşykly hukuklar hem intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
10 madda. Çeper amaly-haşam döredijiligiň halk ussasy
1. Halk çeper amaly-haşam döredijilik önüminde ýerine ýetirilen eseriň awtory bolup durýan şahs halk ussasy hökmünde ykrar edilýär.
2. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky halk ussasynyň hukuk derejesi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýan halk ussasy hakyndaky Düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.
11 madda. Önümleriň halk çeper amaly-haşam döredijilik önümlerine degişli edilmegi
1. Kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň öndürýän önümlerini halk çeper amaly-haşam döredijilik önümlerine degişli etmek işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilen tertipde halk çeper amaly-haşam döredijiligi boýunça döredilýän çeper ekspert topary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Önümleri halk çeper amaly-haşam döredijilik önümlerine degişli etmegiň baş ölçegi bolup, zähmetiň, önümçilik serişdeleriniň, çig mallaryň we materiallaryň däp bolup galan görnüşlerini hem usullaryny ulanyp, taryhy taýdan emele gelen tärleri arkaly taýýarlanylmagy hasaplanýar.
3. Önümleri halk çeper amaly-haşam döredijilik önümlerine degişli etmegiň ölçegleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde bellenilýär.
III BAP. HALK ÇEPER AMALY-HAŞAM DÖREDIJILIGINI
ÖWRETMEK WE ONY ÝAÝRATMAK
12 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligini öwretmek
Halk çeper amaly-haşam döredijiligini öwretmek işi şu ýollar bilen amala aşyrylýar:
- kadrlary gös-göni önümçilikde taýýarlamak;
- däpleriň meňzeşligini üpjün etmek maksady bilen halk ussalaryndan hünär endiklerini almak;
- hünärleri ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak maksady bilen ugurdaş kärhanalar hem-de guramalar bilen hyzmatdaşlyk;
- däp bolan halk çeper amaly-haşam döredijilik bilen, önümleriň käbir görnüşlerini öndürmegiň usullary bilen, halk çeper amaly-haşam döredijiligiň çeper tärleri bilen mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda, şeýle hem mekdepden daşary geçirilýän estetik we çeper okuwlaryň hem terbiýeçilik işleriniň üsti bilen tanyşmak;
- däp bolan halk çeper amaly-haşam döredijiligini mekdeplerde öwretmek.
13 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda ylmy barlaglar
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş halk çeper amaly-haşam döredijilik babatda ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär we olaryň durmuşa geçirilmegini sazlaşdyrýar.
2. Halk çeper amaly-haşam döredijiligiň däp bolanlaryny dikeltmegiň we täze görnüşlerini döretmegiň esasy meseleleri boýunça ylmy barlaglar, döredijilikli we ýerine ýetirijilik zähmeti dogry utgaşdyrmak, şeýle hem kärhanalara, guramalara we raýatlara kömek bermek işleri okuw jaýlarynda, ylmy-barlag edaralarynda we merkezlerinde alymlar, ylmy barlagçylar, talyplar we hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.
14 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligini ýaýratmak
1. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Syýahat we sport baradaky döwlet komiteti halk çeper amaly-haşam döredijiligi ýaýratmak, bu çygyrda işleýän şahslary höweslendirmek maksady bilen şu aşakdakylary guraýar:
- halk çeper amaly-haşam döredijilik önümleriniň her ýylda gözden geçirilişini;
- mazamlaýyş-neşir işlerini;
- çeper önümleriň sergilerini, ýarmarkalaryny, auksionlaryny;
- türkmen halk döredijilik däplerini wagyz etmek bilen baglanyşykly beýleki çäreleri.
2. Halk çeper amaly-haşam döredijiligini ýaýratmak işi köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we halkara teledesgalar setini peýdalanmak bilen amala aşyrylýar.
15 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijilik muzeýleri
Halk çeper amaly-haşam döredijiligiň has gymmatly eserlerini ýygnamak we sergilerde görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ygtyýarly beýleki döwlet edaralary tarapyndan halk çeper amaly-haşam döredijilik muzeýleri, şeýle hem Türkmenistanyň Milli muzeýinde ýöriteleşdirilen bölümler döredilip bilner.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
16 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda halkara hyzmatdaşlygy
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky halkara hyzmatdaşlygy şularyň üsti bilen amala aşyrylýar:
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda işleri amala aşyrýan halk ussalarynyň, beýleki şahslaryň halkara medeni hyzmatdaşlyga gatnaşmagy;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda bilelikde ylmy barlaglaryň geçirilmegi we maglumatlaryň özara alşylmagynyň amala aşyrylmagy;
- halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatdaky işleri guramak boýunça halkara tejribesiniň öwrenilmegi;
- halkara ýygnaklaryny, gurultaýlaryny, ylmy maslahatlary, sergileri guramak we şolara gatnaşmak;
- Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda beýleki bilelikdäki halkara işleri amala aşyrmak.
17 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijilik önümleriniň çykarylmagy
1. Taryhy, çeper, ylmy ýa-da başga medeni ähmiýeti bolan halk döredijilik eserlerini, şeýle hem döwlet tarapyndan taryhy-medeni gymmatlyk hökmünde goralýan önümleri Türkmenistanyň çäginden daşary çykarmaga sergileri geçirmek, abatlaýyş işlerini we ylmy barlaglary geçirmek, teatral, konsert, beýleki artistçilik işlerini geçirmek üçin ýol berilýär.
Çykarmagyň şeýle tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Häzirki zaman sowgatlyk-ýadygärlik önümlerine, şeýle hem kärhanalar, guramalar we raýatlar tarapyndan döredilýän halk çeper amaly-haşam döredijiligiň tapgyrlaýyn we köpçülikleýin önümlerine şu maddanyň hereketi degişli edilmeýär.
18 madda. Halk Çeper amaly-haşam döredijilik boýunça resminamalaryň (arhiwleriň) hazynalary
Taryhy-medeni ähmiýeti bar bolan çeper amaly-haşam döredijilik boýunça resminamalaryň (arhiwleriň) hazynalaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda taryhy-medeni gymmatlygyň hukuk derejesi berilýär.
19 madda. Halk çeper amaly-haşam döredijiligi barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Halk çeper amaly-haşam döredijiligi babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2000-nji ýylyň 19-njy dekabry
№ 51-II